À propos reňkli+
online publication in Turkmen
reňkli+ onlaýn neşiri hepdelik kino, aýdym-saz, moda we daşky gurşaw barada makalalary ýazýar; görýän kinomyz, diňleýän aýdymymyz, geýýän eşigimiz we ýaşaýan gurşawymyz barada.
Neşiriň esasy maksady häzirki zaman pikirlerden we gymmatlyklardan ugur alyp, döreýän trendleri düşnükli dilde okyja ýetirmekdir. Sebäbi reňkli+ neşiriniň merkezinde okyjy bardyr.
Biziň işimize goldaw bermek üçin bir kofe alyp berip bilersiňiz. Elbetde, siz kofä niýetläp berseňizem, ol pula biz çaý alaýmagymyz hem mümkin. :)
Kofeden daşary "membership" bölüminden aýlyk abuna hem bolup bilersiňiz.
Redaktor
Donateurs récents
Publications
Tomsuň ortaky aýyndan salam! Uzak wagtlap reňkli poçta ýazmadym. Siz muňa ýaltalyk diýiň, men bolsa başagaýlyk. Aýyň aýagyna Aşgabatda iki günläp geçirilen “Go Viral 2023” festiwalyna gatnaşdym; hem diňledim, hem diňletdim 😊. Çäräniň nähili geçendigini eýýäm Instagram saýasynda menden has gowy bilýän bolmagyňyz mümkin. Öňki tanyşlar bilen täzeden didar...
reňkli poçta #7 – türkmen dilinde döretmek näme üçin wajyp?
Jul 30, 2023
335 Vues

